Parahatlyk geljege iň mukaddes mirasdyr

22 Noýabr 2024
293

Häzirki wagtda sebitiň ýurtlarynyň özara hyzmatdaşlygyny ösdürmek hem-de işjeňleşdirmek wajyp wezipe bolup durýar. Çünki Merkezi Aziýany örän güýçli we çalt depginler bilen ösýän, şonuň ýaly-da, geljegi uly ykdysady sebitlere goşmaga ýurtlarymyzda ähli mümkinçiliklerdir artykmaçlyklar bolup, bu wezipäni üstünlikli çözmek, ilkinji nobatda, sebit hyzmatdaşlygyny ösdürmäge oňaýsyzlyk döredýän täsirleri aradan aýryp biljek netijeli gurallary işläp taýýarlamagy we durmuşa ornaşdyrmagy talap edýär. Şu jähetden, 24-nji oktýabrda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň 25-nji plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen «Merkezi Aziýa — parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi möhüm ähmiýete eýedir.

Ilkinji nobatda, sebitimiziň — Merkezi Aziýanyň ýurtlaryny ösen syýasy, ykdysady we ruhy medeniýetiň, taryhy umumylygyň berk baglanyşdyrýandygyny bellemek gerek. Şol baglanyşygyň esasynda dostlukly gatnaşyklarymyzy häzirki zaman şertlerinde üstünlikli ilerletmek üçin tagallalary birleşdirmek zerur. Bu babatda Türkmenistan sebit we halkara giňişlikde oňyn başlangyçlar bilen çykyş edip, giň goldawa, belent ykrarnama eýe bolýar. Munuň nobatdaky mysaly «Merkezi Aziýa — parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy» atly Kararnamanyň kabul edilmegidir. Birleşen Milletler Guramasyna agza ýurtlaryň köpüsiniň Bitarap Türkmenistanyň bu başlangyjyny goldamagy, sebitdäki hemme ýurtlaryň oňa awtordaş bolup çykyş etmegi ýurdumyz üçin uly abraýdyr, şeýle-de dünýäde «Açyk gapylar» syýasatyny alyp barýandygymyzyň güwäsidir.

Begmyrat MELÄÝEW,
Daşoguz welaýatynyň döwlet arhiwiniň hünärmeni.