Sahy topragyň sahawaty

22 Noýabr 2024
330

Çyn daýhan bolmak üçin ýeriň hossary bolmaly. Diňe şonda toprak bilen gürleşip hem, düşünişip hem bilýärsiň. Bu hakykata göz ýetiren Baýmyrat Söýünow özüne berkidilen ýere ýüregi bilen ýapyşdy. Ol Kerki etrabynyň daýhanlarynyň arasynda ilkinjileriň biri bolup 67 gektar ýeri 99 ýyllyk kärendesine aldy.

Obadan 40 kilometre golaý uzakda, Garagum derýasynyň golaýynda, Hydyr çopan ýaýlasynda ýerleşýän bu ýerde eýýäm käbir ekinler ekilip, ol synagdan geçipdi. Hatda gowaça bilen bugdaý hem ekilipdi. Şonuň üçin Baýmyrat özüne berkidilen ýere gök, bakja ekinleri bilen birlikde gowaça-da, bugdaý-da ekdi. «Baýlar» daýhan hojalygyny döredip, döwletden degişli kömek-goldawlary aldy. Indiki maksat — bol önüm öndürip, döwletden alan karzlaryny üzülişmek, ondan galan pula hem traktor edinmekdi. Tejribeli daýhan bu arzuwyna-da ýetdi. Şeýdip, gysga wagtyň içinde öz gününi özi görýän mülkdara öwrüldi.

Hudaýberen ABRAÝEW.
(Öz habarçymyz). Surata düşüren Ödegeldi KULIÝEW.