Aragatnaşyk pudagynyň döwrebap ösüşi

20 Noýabr 2024
204

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli telekommunikasiýa ulgamynda halkara ölçeglere laýyk gelýän innowasion sanly tehnologiýalary we maglumat-aragatnaşyk enjamlaryny ornaşdyrmak işleri üstünlikli durmuşa geçirilýär. Häzirki zaman aragatnaşyk hyzmatlaryny ilata hödürlemek boýunça dowamly işler alnyp barylýar. Ýurdumyzda aragatnaşyk edara-kärhanalaryny döretmäge, döwrebaplaşdyrmaga düýpli maýa goýumlar gönükdirilýär. Şol esasda hem aragatnaşyk pudagynyň gurluşy, maddy-tehniki, hukuk binýady döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirilip, düýpli ylmy-tehniki özgertmeler, iri taslamalar amala aşyrylýar.

Hormatly Prezidentimiz ata Watanymyzda telekommunikasiýa we ýokary tizlikli maglumat tehnologiýalar ulgamyny ösdürmek bilen birlikde, döwletiň hem-de jemgyýetiň durmuşynyň ähli ulgamlaryna täzeçil tehnologiýalary ornaşdyrmagy ileri tutulýan wezipeleriň hatarynda goýýar. Bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy hem ösdürilýär. Şonuň bilen birlikde sanly ykdysadyýete geçmek boýunça maksatnamalaýyn wezipeler talabalaýyk alnyp barylýar. Döwür bilen aýakdaş gitmek üçin türkmen hünärmenleri öz işläp taýýarlaýan tehnologiýalarynyň binýadynda ösüşiň milli nusgasyny kemala getirmegi maksat edinip zähmet çekýärler. Şol esasda-da öňdebaryjy tejribäni içgin öwrenýärler we özleşdirýärler. Ýurdumyzda sanly ykdysadyýete geçmek boýunça degişli Konsepsiýanyň çäklerinde programma üpjünçiliklerini, mobil goşundylary taýýarlamakda, sanly hyzmatlary hödürlemekde, söwda platformalaryny döretmekde hususy kompaniýalara aýratyn orun degişli bolup durýar. Häzirki wagtda «Belet», «Ýokary tilsimatlar merkezi», «Nokat Kompýuter», «Oguzabat», «Belli Asman», «Imdat elektronika», «Jebisli gadam» hojalyk jemgyýetleriniň, «Nurly tolkun», «Ak toprak», «Üznüksiz hyzmat» hususy kärhanalarynyň ykdysadyýetiň dürli ugurlaryna ýokary tehnologiýalary ornaşdyrmak we programma üpjünçiliklerini taýýarlamak boýunça hyzmatlary hödürleýändigi bellenilmäge mynasypdyr. Şeýle hem ýurdumyzda elektron senagatyň ösdürilmegine mynasyp goşant goşýan «Aýdyň gijeler» hojalyk jemgyýetiniň önümlerine hem köpçülik tarapyndan uly isleg bildirilýär.

«Esger».