Banking awtomatizasiýasy üçin çözgüt we QR Pay tehnologiýasy tanyşdyryldy

20 Noýabr 2024
214

14-16-njy noýabr aralygynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda "Türkmentel-2024" Halkara sergisi we ylmy maslahaty geçirildi. IT-senagatynyň öňdebaryjy tehnologiýalarynyň arasynda Colvir Software Solutions kompaniýasynyň stendi hem bardy. IT-tehnologiýa, kommunikasiýa enjamlary we aragatnaşyk pudagynda işläp taýýarlamalary bilen tanyşdyrmagyň çäklerinde kompaniýa banking, poçta işiniň, elektron hökümetiniň awtomatizasiýasy üçin çözgütleri we QR Pay tehnologiýalary bilen tanyşdyrdy.

Türkmenistanyň ykdysadyýetini sanlylaşdyrmak meseleleri “Türkmentel-2024” sergisiniň esasy üns merkezindedi. Maliýe pudagy üçin IT-çözgütleriniň halkara üpjün edijisi bolan Colvir kompaniýasy ykdysadyýetiň esasy ugurlarynyň sanly transformasiýasy üçin birnäçe häzirki zaman mümkinçiliklerini hödürledi.