Ekin ýer­le­riniň ga­dy­my at­la­ry

19 Noýabr 2024
228

(Dowamy. Başlangyjy gazetiň geçen sanynda)

Çemenlik — dürli otlara, gülzarlyga, lälezarlyga beslenen meýdan. Çemenzarlyklar, adatça, bahar aýlary suwly meýdanlarda, çeşmeleriň kenarlarynda has owadan bolýar, giden çemenzarlygyň içinde guşlar jakgyldaşýarlar. Çemenlikde dürli reňkdäki güller bitýär. Çemen sözüniň sinonimi «yzgarly, suwly» manysyndaky öl (ö:l) sözünden we — (eň) goşulmasyndan durýan öleň sözüdir. Şoňa görä-de, Magtymguly Pyragynyň «Illeri bar diňli-diňli, /Sowuk suwly, ter öleňli» diýen setirlerinde çemenligiň hem waspy ýetirilýär.

Aga­my­rat BAL­TA­ÝEW,
Türk­me­nis­ta­nyň Me­de­ni­ýet mi­nistr­li­gi­niň bö­lüm baş­ly­gy, ta­ryh ylym­la­ry­nyň kan­di­da­ty.