Dünýä edebiýatyny Gündogaryň — Eýran, Hindistan, Hytaý, Ýaponiýa, Orta Aziýa... halklarynyň edebiýatyny goşmazdan, bitewüligine göz öňüne getirmek kyn.
«Bütindünýä edebiýatynyň kitaphanasynyň» 200 jiltligi, onuň ägirt uly ylmy-habar beriş diwanhanasy — düşündirişler, makalalar, şeýle hem meşhur alymlar topary tarapyndan döredilip ajaýyp görnüşde bezelen «Dünýä halklarynyň rowaýatlary» atly iki jiltlik kitap (Moskwa 1982 ý.) we beýleki neşirler bu ugurda işleriň ep-esli öňe gitmegine öz täsirini ýetirdi.