Žan-Pol Sartr Edebiýat boýunça Nobel baýragyna biziň döwrümize ägirt uly täsirini ýetiren, erkinligiň ruhuna ýugrulan baý pikirleri hem-de döredijilik hakykatyny tapmak ugrundaky gözlegleri üçin mynasyp bolýar.
Fransuz filosofy we ýazyjysy Žan-Pol Sartr hemişe Ýewropanyň edebi tankydynyň üns merkezinde saklanýar. Ol hakda jedelleşýärler, onuň bilen ylalaşýarlar, oňa haýran galýarlar, ahyrsoňunda hem, onuň syýasy we filosofik garaýyşlary edebi döredijiliginden öňe saýlanýar.