«Dünýä edebiýaty» žurnalynyň ilkinji sanlarynyň birinde häzirki zaman meşhur ýazyjylaryň biri bolan Paulo Koelionyň «Alhimik» eseri O. Çaryýew tarapyndan ussatlyk we ýokary çeperçilik bilen terjime edilip çapdan çykypdy.
Bu eser filosofiýa ýykgyn edýän islendik adamyň ünsüni özüne çekýär. Dünýä dillerinde çap edilen eseriň öz ene dilimizde terjime edilip halka gowuşmagy buýsandyryjy ýagdaýdyr. «Alhimik» eseriniň filosofiki pikirlere baý bolmagy, bir tarapdan, Paulo Koelionyň bu ugra ömrüni bagyş edendigini aňlatsa, beýleki tarapdan, terjimeçiniň hem filosofiýadan çetde däldigini ýaňzydýar. Dünýäniň syrlaryndan söhbet açýan bu eseri ene dilimizde halk köpçüligine ýetirendigi üçin, ussat terjimeçä we žurnalyň agzybir döredijilik toparyna hoşallygymyzy bildirýäris.