Kadaly we dogry iýmitlenmek adama güýç, saglyk berýär, sazlaşykly we doly ösüşi üpjün edýär, kesellerden goraýar we ýokanç kesellere garşy göreşmäge kömek edýär. Sagdyn bolmak üçin iýmit tertibiňize uly üns berip, dürli nygmatlardan her gün işdä bilen iýip durmaly, naharlananyňyzda sogan, sarymsak ýaly önümleri ulanmaly. Bugdaý unundan taýýarlanan içi ajy gyzyl burçly, sarymsak we süzme goşulan unaşy içmeklik möwsümleýin ýiti respirator ýokanç keseliniň öňüni almak üçin peýdalydyr.