Güller — tebigatyň iň ajaýyp zynatlarynyň biri. Gyş we güýz pasyllarynda tebigat uka gidip, açyk meýdanlardaky al-elwan güller seýrekleşende, öýümizi tebigatyň bir bölegine öwürýän otag gülleri kalbymyza aýratyn rahatlyk getirýär. Otagda ösýän güller, diňe bir bezeg hökmünde däl, eýsem, adamyň ruhunyň tämizlenmegine we rahatlanmagyna hem uly täsir edýär. Köp adamlar ösümliklere ideg etmek arkaly ruhy lezzet alýarlar.
Otag gülleriniň taryhy hakynda söz açsak, olaryň haçan we kim tarapyndan ösdürilip başlanandygy barada anyk maglumat ýok. Ýöne, gözellik şeýdalarynyň ilkinji bolup bu işe girişendikleri çaklanylýar. Dürli geografik sebitleriň açylmagy bilen, ösümlik dünýäsiniň öwrenilmegi netijesinde dürli güller otag şertlerinde ösdürilip başlanypdyr. Aloe, balzamin, begoniýa, geran, limon, kaktus, hytaý bägüli, palma, fikus ýaly güller häzirki wagtda iň naýbaşy otag gülleri hasaplanyp, öýlerimize täsin gözellik paýlaýar. Bu güller, esasan, äpişgäniň öňünde ýerleşdirilip, öýüň howasyny arassalaýar we kislorody baýlaşdyrýar.