Türkmenistanyň «Türkmenistan» döwlet täjirçilik banky daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdeplerinde okaýan talyplaryň okuw we gündelik çykdajylary üçin «VISA» we «Master Card» bank kart hasaplaryna manat serişdelerini onlaýn görnüşde özbaşdak goýmaga we erkin daşary ýurt puluna öwürmäge mümkinçiligi döredýän «Onlaýn halkara töleg» hyzmatyndan peýdalanmaga çagyrýar.
Tölegi onlaýn görnüşinde amala aşyrmak üçin raýatlarymyz bir gezeklik banka gelip, tölege degişli resminamalary getirenden soň, bank işgärleri tarapyndan internet arkaly ähli sazlamalar ýerine ýetirilýär. Şeýlelik bilen müşderiler bankyň resmi www.tnbk.tm internet sahypasynyň «Onlaýn hyzmatlar» bölüminde ýerleşdirilen «Internet bank» bölümçesiniň üsti bilen hyzmatyň amatly mümkinçiliklerinden peýdalanyp bilerler.