Geçen ýekşenbe gününde ýurdumyzda Hasyl toýy uludan bellenip geçildi. Bu ajaýyp baýram mynasybetli paýtagtymyz Aşgabatda we ähli welaýatlarda giň gerimli dabaralar ýaýbaňlandyrylyp, oňa edermen daýhanlarymyz toý sowgatlary — zähmet üstünlikleri bilen geldiler. Munuň özi Türkmenistan döwletimizde ähli ugurlar bilen bir hatarda, oba hojalyk ulgamynda-da giň gerimli özgertmeleriň durmuşa geçirilip, uly ösüşleriň gazanylýandygyny görkezýär.
Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň oba hojalyk ulgamyny toplumlaýyn ösdürmek, oba hojalyk ekinlerini ylmy esasda ösdürip ýetişdirmek, önümçilige dünýäniň öňdebaryjy tejribelerini giňden ornaşdyrmak hem-de oba hojalygyny iň girdejili pudaklaryň birine öwürmek boýunça öňde goýan wezipelerini üstünlikli durmuşa geçirmek ugrunda toplumyň agzybir işgärleri öndürijilikli zähmet çekýärler. Muňa «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» diýlip atlandyrylan şu ýylda edermen gallaçy daýhanlarymyzyň 1 million 400 müň tonnadan gowrak bugdaý hasylyny Watan harmanyna tabşyryp, ýurdumyzyň ýüpekçileriniň bolsa 2 müň 150 tonnadan gowrak pile öndürip, şertnamalaýyn borçnamalaryny abraý bilen berjaý etmekleri aýdyň mysallardyr.