Ene topragyň rysgal-berekediniň we daýhan yhlasynyň sarpalanmasynyň nyşany bolan Hasyl toýy halkymyzyň uly ruhubelentlikde belleýän baýramlarynyň biridir. Bereketli toprak bilen yhlasly zähmetiň sazlaşygynyň ynsanyň bolelin durmuşynyň güwäsidigine pugta ynanýan il-ulsumyz «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hem bu baýramy bagtyýarlyga besläp, uly dabaralar bilen belläp geçdi. «Daýhandan hereket — ýerden bereket» diýen parasatly pähimi döreden milletimiz ähli döwürlerde daýhançylyga iň asylly kärleriň biri hökmünde uly sarpa goýupdyr. Ajaýyp zamanamyzda hem oba hojalygy milli ykdysadyýetimiziň iň möhüm pudaklarynyň biri bolup durýar.
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda oba hojalygynda amala aşyrylýan toplumlaýyn özgertmelerden, döredilýän şert-mümkinçiliklerden ruhlanýan edermen babadaýhanlarymyz däneli ekinleriň, pagtanyň, gök we bakja ekinleriniň, miwedir ir-iýmişleriň bol hasylyny ösdürip ýetişdirýär. Berkarar Watanymyzda örküni topraga baglan oba hojalykçylaryň halal zähmetiň hözirini görmekleri üçin ähli şertler döredilýär. Daýhanlar kuwwatly oba hojalyk tehnikalary, mineral dökünler, ýokary hilli tohumlar bilen ýeňillikli şertlerde üpjün edilýär, önüm öndürijiler bilen hasaplaşyklar öz wagtynda geçirilýär. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy esasynda şu ýylyň hasylyndan başlap, pagtanyň, bugdaýyň döwlet satyn alnyş nyrhlarynyň ýokarlandyrylmagy edermen daýhanlary has-da yhlasly zähmet çekip, täze üstünlikleri gazanmaga ruhlandyrdy. Şu ýylyň tomsunda edermen gallaçylarymyzyň 1 million 400 müň tonnadan gowrak bugdaý hasylyny Watan harmanyna tabşyryp, ýüpekçileriň 2 müň 150 tonnadan agdyk pile öndürip, şertnamalaýyn borçnamalaryny abraý bilen berjaý etmegi, häzirki günlerde «ak altynly» atyzlarda gaýnap-joşýan zähmet, bazarlarymyzda ekologiýa taýdan arassa gök önümleriň we miweleriň bolçulygynyň üpjün edilmegi buýsanjyňy artdyrýar.