Okuwçy ýaşlara öwüt-ündewler aýdyldy

6 Noýabr 2024
279

Bäherden etrabynyň bilim-terbiýeçilik edaralarynda etrap polisiýa bölüminiň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň etrap Geňeşiniň hem-de etrap bilim bölüminiň guramagynda wagyz-nesihat duşuşyklarydyr maslahatlar yzygiderli geçirilýär. Etrapdaky 31-nji orta mekdepde geçirilen duşuşyk has-da täsirli boldy.

Duşuşykda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşlaryň bagtyýar durmuşda ýaşamagyny gazanmak, döwrebap bilim almagyny üpjün etmek, olary watansöýüjiligiň we ynsanperwerligiň belent ruhunda terbiýelemek boýunça alnyp barylýan işleriň ähmiýeti dogrusynda gürrüň edildi. Onda edilen çykyşlarda mekdep okuwçylaryna türkmen ýaşlaryny bezeýän oňat gylyk-häsiýetler, watansöýüjilik, edep-terbiýe kadalary, sagdyn durmuş ýörelgeleri bilen bagly gymmatly öwüt-ündewler aýdyldy.

Hudaýberdi HYDYROW,
Bäherden etrap polisiýa bölüminiň kämillik ýaşyna ýetmedikleriň işleri boýunça bölümçesiniň müdiri, polisiýanyň maýory.