Sagdynlygyň Diýary

6 Noýabr 2024
326

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ata Watanymyzda sport-sagaldyş hereketiniň we köpçülikleýin bedenterbiýäniň ösüşine uly üns gönükdirilýär. Şu maksat bilen ýurdumyzyň ähli künjeginde dünýä ülňülerine laýyk gelýän, ýokary derejede enjamlaşdyrylan sport desgalary yzygiderli gurlup, ulanylmaga berilýär. Şeýle desgalaryň bina edilmegi ildeşlerimiziň, aýratyn-da, ýaşlaryň arasynda sport bilen meşgullanýanlaryň sanyny günsaýyn artdyrýar. Bu gün ýurdumyzda sportuň beýleki birnäçe görnüşi ýaly, welosiped sportunyň meşhurlygy hem ýokarlanýar. Munuň esasy sebäpleriniň biri-de Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň welosiped sporty bilen ýakyndan meşgullanmagydyr we sportuň bu görnüşini wagyz etmekde nusgalyk görelde görkezmegidir.

Türkmenistanyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan 3-nji iýuny Bütindünýä welosiped güni diýip yglan etmek hakynda taryhy Kararnamanyň, şeýle hem BMG-niň Baş Assambleýasynyň 76-njy sessiýasynyň 61-nji umumy mejlisinde «Durnukly ösüşi gazanmak üçin köpçülikleýin welosiped sürmegi jemgyýetçilik ulag ulgamlaryna girizmek» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi hem ýönelige däldir. Munuň özi ýurdumyzyň sporty ösdürmek ugrundaky tagallalarynyň dünýäde giňden ykrar edilýändiginiň nyşanydyr. Şonuň bilen baglylykda Bütindünýä welosiped güni ýurdumyzda her ýylda has dabaraly bellenip geçilýär. Welaýatymyzyň ýaşlary hem şol şanly gündäki çärelere ruhubelentlik bilen gatnaşýarlar. Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, Bütindünýä welosiped güni parahatçylyk we dostluk, sagdynlyk we ruhubelentlik taglymatlarynyň ähmiýetini has-da artdyrýan halkara baýramydyr. Bu baýram parahatçylygyň ilçisi bolan sporty ösdürmek boýunça netijeli hem-de döredijilikli hyzmatdaşlygy ýola goýmaga hem-de ony ösdürmäge giň mümkinçilikleri döredýär.

Wepa ANNABERDIÝEW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýat Geňeşiniň başlygynyň orunbasary.