Golaýda Änew şäherindäki Medeniýet öýi baýramçylyk röwüşine beslendi. Toý-baýramlaryň ýygy-ýygydan geçirilýän ýeri bolan bu ajaýyp binada ir ertirden türkmen halk sazlary ýaňlanyp başlady. Şirin mukamlaryň ýakymly owazy Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi bilen Ahal welaýat medeniýet müdirligi tarapyndan guralan, Türkmenistanyň halk bagşysy Jepbar Hansähedowyň doglan gününiň 100 ýyllygy mynasybetli «Dutara dil bitiren halypa» atly aýdym-sazly dabaranyň ajaýyp joşgunyny töwerege buşlady.
Dabara meşhur sazanda baradaky täsirli sözleriň aýdylyp, goşgy setirleriniň labyzly okalmagy bilen başlandy. Şondan soň sahnada Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň «Türkmen owazy» teleradioýaýlymynyň Türkmenistanyň at gazanan artisti Altymyrat Pürmämmedowyň ýolbaşçylygyndaky halk saz gurallary toparynyň ýerine ýetirmeginde «Baga gireli» diýen mukam hem-de bu toparyň sazandarlyk edip, zehinli aýdymçy Meýlis Goçmyradowyň ýerine ýetirmeginde «Dutarym» diýen meşhur aýdym ýaňlandy.