Dost-doganlygyň röwşen ýoly

5 Noýabr 2024
417

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda gazanylýan üstünlikler, belent sepgitler biziň her birimiziň köňlümizi buýsanja besleýär. Ynha, şu ýylyň 6-njy sentýabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen «Birleşen Milletler Guramasynyň oýunlary» atly Kararnamanyň kabul edilendigi bellenmäge mynasypdyr. Hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkara derejesinde öňe sürýän şeýle başlangyçlary umumadamzat bähbidini nazarlap, dünýäde belent ykrarnama eýe bolýar.

Türkmenistanyň başlangyçlary adamzadyň parahat durmuşyna, abadan ýaşaýşyna we dost-doganlyga gönükdirilýän ýörelgelerden gözbaş alýar. Sport oýunlaryny we sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmegiň möhüm ugurlary ýurdumyzda üstünlikli durmuşa geçirilýär. Parahatçylygy we ynsanperwerligi berkidýän, jemgyýetimiziň döredijilik hem-de ruhy kuwwatyny artdyrýan sport oýunlarynyň ähmiýetini düşündirmekde wagyz-nesihat maslahatlary aýratyn orna degişlidir. Şonuň üçin hem wagyz-nesihat çärelerinde sportuň peýdasy, sagdyn durmuş ýörelgeleri hakynda beýan edilýär.

Myrat GARAÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň harby gullukçysy, leýtenant.