Halkymyzyň abadan durmuşy baradaky hemmetaraplaýyn alada Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry hökmünde kesgitlenildi. Şunuň bilen baglylykda, 2-nji noýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda paýtagtymyzyň Saglyk ýolunda köpçülikleýin ýöriş geçirildi. Bu çäre jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgeleriniň berkidilmeginde, ýaşlaryň bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaklarynda möhüm ähmiýete eýe boldy.
Mälim bolşy ýaly, 25-nji oktýabrda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda «Birleşen Milletler Guramasynyň oýunlary» atly Kararnamanyň kabul edilendigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz bu möhüm ähmiýetli Kararnamanyň kabul edilmegi mynasybetli 2-nji noýabrda sport çäresini geçirmegi, hemmeleriň bilelikde jemgyýet bolup, sagdyn durmuş ýörelgesine eýerip, Saglyk ýolundan geçmegi, bu çärede ýylyň dowamynda halkara ýaryşlarda gowy netije gazanyp, ýaşyl tugumyzy belentde parladan türgenlerimizi gazanan sport üstünlikleri bilen gutlamagy, mynasyp bolan sylaglaryny dabaraly ýagdaýda gowşurmagy teklip etdi. Şoňa görä-de, bu sport çäresine ýurdumyzyň ýolbaşçy düzümi, ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalaryň, halkara guramalaryň ýolbaşçylarydyr wekilleri, talyp ýaşlar we beýlekiler gatnaşdylar.