Sarahs etrabynyň sport mekdebinde okuwçy gyzlaryň arasynda geçen woleýbol ýaryşy sport janköýerlerinde uly gyzyklanma döretdi. Bu ýaryş «Türkmenistan — ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy» atly XIV spartakiadanyň çäginde «Türkmenistan» Ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň welaýat bölüminiň, etrabyň bedenterbiýe we sport bölüminiň, etrap bilim bölüminiň hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramagynda geçirildi.
Okuwçy ýaşlarda sporta höwes uly. Bu hakykat ýaryşda turuwbaşdan aýdyň duýuldy. Gyzykly duşuşyklary bilen tapawutlanan ýaryşda etrapdaky 21-nji orta mekdebiň topary birinji, 10-njy orta mekdebiň topary ikinji, 1-nji orta mekdebiň topary üçünji orna mynasyp boldy.