Türkmen alabaýy — wepaly kömekçi

4 Noýabr 2024
407

Müňýyllyklaryň dowamynda kämilleşen naýbaşy tohum alabaý itleri türkmenleriň milli gymmatlygy hasaplanylýar. Gahryman Arkadagymyz türkmen halkyna sowgat beren «Türkmen alabaýy» atly kitabynda: «Türkmeniň topragynda örňäp-ösen haýwanlaryň ählisinde diýen ýaly ynsana ýakyn mähremlik bardyr. Türkmen aga ýöne ýerden kellesi gazan ýaly, döşi gapak ýaly, hem erinlek, hem nazarkerde köpegine «It — wepa» diýmändir-ä» diýip nygtaýar.

Türkmenistanyň çäginde alnyp barlan arheologiýa barlaglarynyň dowamynda alabaýyň heýkeljigi, suratlardaky keşbi, kerpiçlerde galan aýak yzlary ýüze çykaryldy. Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmen alabaýy» atly kitabynda Paryzdepeden, Şähryslam ýadygärliginden tapylan alabaýyň yzlary hakynda gymmatly maglumatlar beýan edilýär.

Toýly HOMMYÝEW,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň mugallymy.