Iňlis dili sapaklarynda öwrediji oýunlar

3 Noýabr 2024
583

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen ýurdumyzda ylym-bilim ýokary derejede ösdürilýär. Bilim ulgamyny ösdürmek ýaş nesliň kämil bolmagynyň, ýurdumyza wepaly ýaşlar bolup ýetişmekleriniň baş şertidir. Şonuň üçin hem ýaş nesiller üçin oňat mümkinçilikler, häzirki zamanyň ähli şertleri döredilýär. Bu bolsa olaryň mynasyp nesiller bolup ýetişmeklerine oňat täsir edýär. Ýaş nesliň kämil bolup ýetişmeginde daşary ýurt dillerini öwretmek esasy ugurlaryň biridir. Öz ene dilinden başlap, daşary ýurt dillerini bilmek çaganyň dünýägaraýşyny ösdürmäge mümkinçilik berýär. Bilim ulgamynyň işgärleriniň öňünde bolsa, ýaş nesle bilim-terbiýe bermek işlerini döwrüň talabyna laýyk kämilleşdirmek wezipesi durýar.

Iňlis dilini öwretmekde dil türgenleşik oýunlary ähli synplarda geçirilip bilner, ýöne her synpyň okuwçylarynyň ýaş aýratynlygyna seredip, oýunlary seçip almak zerurdyr. Sapakda ulanyljak oýunlar her bir geçilýän tema we okuw kitabynyň mazmuny, ondan başga-da, synp okuwçylarynyň taýýarlyk derejesi esasynda saýlanyp alynmalydyr. Sapakda guralýan oýunlar okuwçynyň iňlis dilini özbaşdak öwrenmek höwesini artdyrýar we sözleýiş ukyplaryny kämilleşdirýär. Oýunlar okuwçylar üçin täsirli, ýatda galyjy we şol bir wagtyň özünde gyzykly bolýar. Öz okadýan 5-nji we 6-njy synpyň okuwçylary bilen guraýan iňlis dili sapaklarymda öwrediji oýun usullaryndan peýdalanýaryn. Okuwçynyň işjeňligini, sözleýiş endigini we çalt pikirlenip bilmek başarnygyny ösdürmek üçin «Seasons», «Months», «My favourite season» — «Pasyllar», «Aýlar», «Meniň halaýan paslym» diýen temalary geçenimde stoluň üstünde gyş, ýaz, tomus we güýz pasyllaryna degişli saýawan, ellik, günden goraýan papak, äýnek, ädik, ýagyşda geýilýän eginbaş, gül çemeni we şuňa meňzeş suratlar toplumyny ýa-da şol suratlaryň oýnawaç görnüşlerini goýýaryn. Bu oýna dört sany okuwçy gatnaşýar. Her okuwça bir paslyň adyny we bir sany sebet berýärin, şol okuwçy ady berlen pasla degişli suratlary ýa-da oýnawaç şekiljiklerini ýygnap sebede goýýar. Pasla görä degişli zatlary haýsy okuwçy çalt we dogry tapyp alsa, ýeňiji bolýar. Bu oýny toparlara bölüp oýnatmak hem bolýar.

Maýa MOWLÝAMOWA,
Kerki etrabyndaky 6-njy orta mekdebiň mugallymy.