Halk parasady — geljege çelgi

1 Noýabr 2024
271

Gahryman Arkadagymyz: «Müňýyllyklaryň dowamynda pederlerimiziň durmuş tejribesi esasynda kemala gelen milli ýörelgelerimiz we dessurlarymyz döwürleriň, nesilleriň arasyndaky sazlaşygy üpjün edýän mizemez nusgadyr» diýip nygtaýar. Milli ýörelgelerimiziň we dessurlarymyzyň ajaýyp nusgalarynyň biri-de halk maslahatydyr. Türkmen halky köp asyrlaryň dowamynda halka degişli wajyp syýasy, ykdysady, harby meseleleri çözmek üçin ygtyýarly jemgyýetçilik wekillerini çagyryp, ählihalk maslahatlaryny geçiripdir. Bu maslahatlar halkymyzyň milli bitewüligini, ynsanperwer we ahlak ýörelgelerini kemala getirmekde möhüm orun eýeläpdir. Her bir şahsyýetiň öz halkynyň ykbalyna bolan jogapkärçiligini, jemgyýetçilik aňyny we syýasy düşünjeliligini terbiýeläpdir. Bu asylly ýörelge häzirki döwürde hem öz ähmiýetini saklap gelýär.

Milli Liderimiz köküni asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan Halk Maslahatyny Garaşsyzlygyň, hemişelik Bitaraplygyň ruhy esaslaryna daýanýan milli mazmun bilen baýlaşdyrdy. Asylly ýörelgeleriň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen baş taglymatynda dowamat-dowam bolup, Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň döwlet syýasatyna eriş-argaç ornaşyp, işjeň durmuşa geçirilýändigi ählimizi guwandyrýar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň şanly wakalarynyň birine öwrülen Halk Maslahatynyň taryhy mejlisi, onda ençeme möhüm çözgütleriň kabul edilmegi, geljek ýyl üçin iň wajyp wezipeleriň kesgitlenilmegi muňa aýdyň güwä geçýär.

Maral ANNAGULYÝEWA,
Hydyr Derýaýew adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň direktory, pedagogika ylymlarynyň kandidaty.