Döwrebap binagärligiň dürdänesi

1 Noýabr 2024
325

Ýurdumyzda binagärlik sungatynyň möhüm ugry bolan şähergurluşyk syýasaty üstünlikli dowam etdirilýär. Hormatly Prezidentimiz baş şäherimiziň ösdürilmeginiň uzak möhletli geljegi nazara almak bilen, täzeçil şähergurluşyk syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýandygyny belleýär. Gahryman Arkadagymyzyň: «Aşgabady özgerdip, biz onuň diňe bir gözelligiň şäheri däl, eýsem, iň bagtly adamlaryň şäheri, bagtyýar adamlaryň berkarar ýurdunyň paýtagty bolmagy hakynda alada edýäris» diýip nygtaýşy ýaly, bu gün ak mermerli Aşgabat iň gözel we amatly şertleri özünde jemleýär. Paýtagtymyz «Dizaýn» ugry boýunça ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň toruna girizilip, dünýäniň iň owadan we ýaşamak üçin has oňaýly şäherleriniň biri hökmünde ykrar edildi.

Aşgabat şäheri täze taryhy eýýamda ajaýyp binagärlik çözgütleri bolan desgalaryň gurulmagy bilen barha gözelleşýär. Halkymyzyň asyrlaryň çuňluklaryndan gözbaş alýan gurluşyk-binagärlik ýörelgeleri esasynda paýtagtymyzda ýakynda peýda bolan täze binalaryň hatarynda Halkara sagaldyş-dikeldiş we Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki merkezlerini görkezmek bolar. Olar diňe bir şäheriň gözelligini artdyrman, eýsem, ýurdumyzda ynsan saglygy barada edilýän çuňňur aladanyň hem aýdyň beýanyna öwrüldi. Täze merkezleriň halkara güwänamalaryň birnäçesine mynasyp bolmagy olaryň dünýä ülňülerine doly laýyk gelýändiginiň, hil derejesiniň ýokarydygynyň aýdyň güwäsidir.

Merjen BAÝRAMGULYÝEWA,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymy.