Ýer hozunyň bol hasyly ýetişdi

31 Oktýabr 2024
308

Kerki etrabynyň Osman Söhbetow adyndaky daýhan birleşiginde şu ýyl bugdaýdan boşan ýerlere aralyk ekinleri ekmek meselesi orta atylanda, tejribeli daýhanlar mekgejöwen, mäş, noýba ýaly ekinleri öz aralarynda dessine bölüşdiler. Şonda daýhan birleşiginiň başlygy Nurýagdy Jumagulyýew öz goňşusy Meýlis Saparowy ýanyna çagyrdy-da: «Şu ýyl daýhan birleşigi bäş gektar meýdana ýer hozuny ekmeli. Şony öz üstüňe alaýsaň nädýär?! Bizem saňa ýerli-ýerden kömek ederis» diýip, daýhan ýigide teklibini aýtdy. Meýlis birbada ikirjiňlenjek ýaly etse-de, soňlugy bilen razy boldy.

Daýhan ýigit entek işe girişmänkä, bu ekini öň ekip gören obadaşlarynyň maslahatlaryny diňledi. Görüp otursa, diňe gol zähmetini köpräk talap edýär diýäýmeseň, bu işiň kyn ýeri ýok eken. «Oňa-da gapdaldan kömekçi çagyrmaly bolar» diýip oýlandy-da, daýhan birleşigi bilen şertnama baglaşdy. Meýlise ýerli-ýerden kömege geldiler. Agzybirlik bilen edilen iş hem-ä öndümli, hem-de gyzgalaňly bolýar. Şeýlelikde, ýer hozunyň ekişi öz wagtynda tamamlandy. Az akym bilen yzgarlandyrylyp berlen suw ýokary hilli gögeriş almaga şert döretdi. Daýhan birleşiginiň başlygy-da gününi sanap boý alýan ýer hozunyň ösüşini synlap, Meýlisiň armasyny ýetirdi. Joýalaryň aralygy 90 santimetrden bolansoň, ony 90-lyk kultiwator bilen yzygiderli bejerip we dökünläp durdy. Bu ýer çägesöw meýdandy, ol bolsa ýer hozuna tüýs kybap ýerdi. Diňe dökün we suw gerekdi. Amyderýanyň mele suwy bu ekine hem-ä suw, hem-de dökün bolup hyzmat edýärdi. Sebäbi mele suw bilen gelip, ekiniň düýbüne çökýän gyrmançanyň içindäki kaliý, natriý, magniý ýaly elementler bu ekine gerekli dökünlerdi. Şeýlelikde, daýhan ýigit ýer hozunyň bitginli hasylyny ýetişdirmegi başardy.

Hudaýberen ABRAÝEW.
(Öz habarçymyz). Surata düşüren awtor.