Berkarar döwletde iller bagtyýar

30 Oktýabr 2024
327

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyz gülläp ösýär, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesi barha ýokarlanýar. Diýarymyzda her bir ynsanyň bagtly durmuşda ýaşamagy üçin bitirilýän beýik işler sanardan köpdür, aýratyn-da, ynsan saglygyny goramakda, howandarlyga mätäç çagalara hemaýat etmekde amala aşyrylýan işler dünýä nusgalykdyr. Ynsanperwerlik, sahawatlylyk Milli Liderimiziň «Döwlet adam üçindir!», hormatly Prezidentimiziň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen baş taglymatlarynyň özenini düzýär.

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň dünýädäki abraýyny barha belende göterýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň hoşniýetli goňşuçylyga, dost-doganlyga, özara bähbitli hyzmatdaşlyga esaslanýan daşary syýasaty-da uly rowaçlyklara beslenýär. Muny ýurdumyzyň öňe sürýän başlangyçlarynyň dünýä döwletleri tarapyndan giň goldawa eýe bolmagy hem aýdyň subut edýär.

Tagangylyç MEREDOW,
Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý milli jemgyýetiniň Bereket etrap şahamçasynyň wekili.