Dünýäniň we ýaşaýşyň bezegi

30 Oktýabr 2024
284

Milli Liderimiziň we hormatly Prezidentimiziň tagallalary netijesinde berkarar döwletimiz ösüşleriň hem-de rowaçlygyň täze tapgyryna gadam goýdy. Ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň depginli ösüşi dowam edýär.  «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy» ösüşler bilen öňe tarap hereket etmegiň esasy ýol görkezijisine öwrüldi.

Bu maksatnamanyň üstünlikli ýerine ýetirilmegi daşky gurşawyň ekologiýa ýagdaýyny gowulandyrmak boýunça çäreleriň durmuşa geçirilmegine, tebigy baýlyklardan rejeli peýdalanylmagyna, olary dikeltmek we goramak boýunça alnyp barylýan işlere, ilatyň ýaşamagy üçin amatly şertleriň üpjün edilmegine gönüden-göni bagly bolup durýar. Ýene bir zerur bellemeli ýagdaý döwletimiziň ekologik syýasatynda häzirki zamanda adamzat jemgyýetiniň durnukly ösüşini daşky gurşawyň meselelerinden üzňe göz öňüne getirmegiň mümkin däldigi esasy öňe sürülýän ýörelgedir. Hut şonuň üçin ýurdumyzda oba-kentlerimizi bagy-bossanlyga öwürmek, daşky gurşawy gorap saklamak boýunça düýpli işler amala aşyrylýar. Her ýylda miweli we saýaly agaçlaryň millionlarça düýbi oturdylýar. Bag ekmek işi sogap işe öwrüldi. Sogaply işleriň netijesinde tutuş ýurdumyzda tokaý zolaklary, seýilgähler döredilýär. Ruhuňy göterýän owadan güllerdir ýaşyl öwsüp oturan saýaly we miweli baglar şäherlerimize we obalarymyza bezeg berýär.

Aýna ÝAGMUROWA,
Türkmenabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 28-nji orta mekdebiň himiýa-biologiýa mugallymy.