Töräniň tudy

29 Oktýabr 2024
361

Geçen asyryň altmyşynjy ýyllarydy. Hany, ol wagtlar munuň ýaly eşretli durmuş barmydy?! Gyş günleridi. Howa diýseň sowukdy. Ir ertirki işe diýip gidişine gijöýlän öýüne dolanan Kakaly mazaly üşäpdi. Içeri girenden ony ýene sowuk howa garşy aldy. Jaýyň içinde şemal öwsenok diýäýmeseň, onuň daşardan parhy ýokdy. Kakaly ortarada duran gara peje naýynjar göz aýlady. Soňra pejiň gabadynda odun-çöp goýýan ýerine garady. Ol ýer garalyp ýatyrdy. Ol daşardaky odun-çöp çapýan ýerine garşy ýöneldi, ýöne bu ýerdenem onuň eline suwytly bir zat ilmedi.

«Gyş gijes-ä uzakdyr. Digdenekläp daň atyrmagam aňsat düşmez» diýip, öz-özüne igenip durşuna gulaç boýy ýüpi egnine atdy-da, öýden çykyp gitdi...

Annabaýram PAÝAÝEW,
Türkmenistanyň at gazanan žurnalisti. Surata düşüren awtor.