Alyjylaryň islegli harytlary

29 Oktýabr 2024
374

Diýarymyzyň ak bazarlarynda azyk önümleri ähli möwsümde-de halkymyza elýeterlidir. Şunda azyk önümlerini öndürýän hususy kärhanalaryň işine uly orun degişli. Olaryň biri-de 2016-njy ýylda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň çäginde işe girizilen «Owadan ülke» hojalyk jemgyýetidir. Häzirki wagtda kärhanada 200-e golaý adam öndürijilikli zähmet çekýär. Bu hojalyk jemgyýetinde bolanymyzda, satyş bölüminiň hünärmeni Hijran Hekimow şeýle gürrüň berdi:

— «Nur» haryt nyşanly maýonez önümi gysga wagtyň içinde ýurdumyzda islegli harytlaryň birine öwrüldi. Häzir kärhanamyzda onuň bilen birlikde, «Mylaýym», «Hazyna», «Esmo» haryt nyşanly önümler hem öndürilýär. Olar ekologik taýdan arassa oba hojalyk önümlerinden taýýarlanylýar.

Aýsoltan HAÝDAROWA,
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň žurnalistika hünäriniň talyby.