BMG-niň Baş Assambleýasynyň «Merkezi Aziýa — parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy» atly Kararnamasy — türkmen diplomatiýasynyň täze üstünligi
Ministrler Kabinetiniň 25-nji oktýabrda sanly ulgam arkaly geçirilen nobatdaky mejlisinde ýene-de bir hoş habar halkymyza ýetirildi. Ol BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň 25-nji plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen «Merkezi Aziýa — parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy» atly Kararnamanyň kabul edilendigi baradaky habardyr. Şu mynasybetli Milli Liderimiziň hormatly Prezidentimize iberen Gutlagynda bellenilişi ýaly, bu şanly we taryhy waka Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan döwletimize uly ynam bildirilýändigini alamatlandyrýar. Türkmenistanyň daşary syýasaty, ilki bilen, Merkezi Aziýada parahatçylygy, durnuklylygy hem-de howpsuzlygy pugtalandyrmaga gönükdirilendir.