Waspy dünýä dolan

28 Oktýabr 2024
273

Düýn Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli, Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň toplumynda baýramçylyk dabaralary ýaýbaňlandyryldy. Onuň çäklerinde däbe öwrülen döredijilik bäsleşiginiň hem jemi jemlenildi. Türkmen alabaýynyň daşky keşbini şekillendiriş we amaly-haşam sungaty eserlerinde, neşir önümlerinde, teleýaýlymlarda çeper beýan etmek boýunça Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli Kararyna laýyklykda yglan edilen bäsleşik şu ýyl dördünji gezek geçirildi. Bäsleşige hödürlenilen eserler halkymyzyň milli gymmatlyklarymyza bolan söýgüsini, döredijilik işgärleriniň zehin-yhlasyny açyp görkezdi.

Bäsleşige gatnaşan halyçylar, heýkeltaraşlar, fotosuratçylar, neşirýat işiniň hünärmenleri, teleoperatorlar öz eserlerinde wepadarlygyň we gaýduwsyzlygyň nyşany bolan türkmen alabaýynyň halkymyzyň durmuşynda eýeleýän ornuny beýan etmegi maksat edindiler. Olar öz eserlerinde alabaýyň daşky keşbi bilen birlikde, içki dünýäsini, gylyk-häsiýetlerini hem açyp görkezmäge synanyşdylar. Şeýlelikde, bäsleşige hödürlenilen işleriň iň gowulary eminler topary tarapyndan degişli ugurlara laýyklykda saýlanyp-seçildi. Şunda eseriň mazmun we forma aýratynlygyna, işiň ýerine ýetirilişine, reňk sazlaşygyna, bezeg aýratynlyklaryna üns berildi.

(Ýörite habarçymyz).