Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly we öňdengörüjilikli syýasaty bilen ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli pudaklary sazlaşykly ösdürilýär.
Türkmen halky batyrlygyň hem-de gaýduwsyzlygyň tebigy nusgasy bolan türkmen alabaýyny eýesine wepaly, sak goragçy edip ösdürip ýetişdiripdirler. Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmen alabaýy» atly kitabynda: «Türkmen alabaý itleri özboluşly milli medeniýetimiziň aýrylmaz bir bölegi bolup durýar. Alabaý güýçli, ýanbermezek hem-de wepalydyr» diýen ajaýyp setirleri ýurdumyzyň her bir bagtyýar ýaşaýjysy üçin guwandyryjydyr.