Toprak genji — ýagly künji

22 Oktýabr 2024
318

Gökdepe etrabynda oba hojalyk ekinleriniň bereketli hasylyny ýetișdirmegi bașarýan ussat kärendeçileriň ençemesi bar. Etrabyň «Ýaňgala» daýhan birleşiginde zähmet çekýän Arslan Ataýew hem şeýle kärendeçileriň biri. Her ýyl ak bugdaýyň, «ak altynyň» bereketli hasylyny ýetişdirip gelýän zähmetsöýer kärendeçiniň şu ýyl 15 gektar meýdanda ekip, idegini ýetirip oturan künjüli atyzlaryny göreniňde göwnüň göterilýär. Onuň 10 gektar meýdanda ýetişdiren gowaça, 4 gektar ýerde ýetişdiren bakja ekinleri-de berekedini bolluk bilen eçilipdir.

— Künji halkymyzyň eý görýän gadymy azyk önümleriniň biridir. Oňa ýurdumyzyň azyk senagatynda, şeýle-de ak bazarlarymyzda ilat arasynda isleg uly. Künji ýagyndan başga-da ondan taýýarlanýan halwa, gowurga, künjüli çörek, künjüli süýji, künjüli köke ýaly ajaýyp nygmatlar hem bereketli saçaklarymyzy bezeýär. Hem datly, hem ýokumly, melhemlik, dermanlyk ähmiýeti uly bolan künjüli önümler çagalaryň hem küýsegli tagamlarynyň biri. Juda ýokumly häsiýete eýe bolansoň, onuň künjarasy mallar üçin hem tenekar iým bolup durýar. Şonuň üçin hem bu ekinden ýokary hasyl almakda yhlasly zähmet çekýäris — diýip, kärendeçi Arslan Ataýew guwanç bilen gürrüň berdi.

Annamyrat BERDIMYRADOW,
öz habarçymyz. SURATDA: zähmetsöýer kärendeçi (sagda) Arslan Ataýew kömekçisi Rejepgeldi Garajaýew bilen. Surata düşüren awtor.