Elektromobil öndürmekde dünýäde öňdeligi eýeleýän «Li Auto» kompaniýasy geçen 58 aýyň dowamynda 1 million elektromobil öndürendigi barada habar berdi.
Ýeri gelende bellesek, bu kärhananyň ilkinji elektromobili 2019-njy ýylda satuwa çykarylypdy. Şeýle-de bolsa, «Li Auto» kompaniýasy 2023-nji ýylyň jemi boýunça 17 milliard amerikan dollary möçberinde girdeji gazandy.