Durnukly ösüşiň röwşen ýoly

18 Oktýabr 2024
385

16-njy oktýabrda Daşoguz şäherinde ýerleşýän Türkmen oba hojalyk institutynda «Agroinnowasiýalar: durnukly ösüşiň röwşen ýoly» atly halkara ylmy-taslama bäsleşik geçirildi. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň esasy çäreleriniň birine öwrülen zehin bäsleşigine sanly ulgam arkaly gatnaşmak üçin ýurdumyzyň hem-de daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary çagyryldy.

Bäsleşigiň geçirilýän ýerinde Watanymyzyň ösüşlerini, milli ykdysadyýetimiziň möhüm ugry bolan oba hojalygy pudagynyň gazananlaryny şöhlelendirýän sergi guraldy. Soňra bäsleşik barada maglumatlary özünde jemleýän wideoşekiller görkezildi.

«Watan».