Malyň sökellik tapsa...

15 Oktýabr 2024
423

Ýakynda Sarygamyş kölüni etekläp oturan Bötendag obasynda bolanymyzda çarwa durmuşyna bäş barmagy ýaly belet, şu obadaky mekdepde mugallym bolup işleýän Täçdurdy Kerimow bilen söhbetdeş bolduk. Şonda Garagum ýaýlasynyň tejribeli maldarlarynyň mal sökellik tapanda ulanýan emlerini ýazyp aldyk. Olaryň käbirini okyjylara hödürlemegi makul bildik.

Dowar malynyň süňki döwülse, oňa mis külkesi em bolýar. Munuň üçin misi igeläp, külkesini almaly. Soňra ony iýme garyp bermeli. Bu em döwlen süňküň çalt bitmegine getirýär.

Şöhrat ABDYÝEW,
mirasgär.