Ro­waç­ly­gyň röw­şen ýo­ly

4 Oktýabr 2024
473

Berkarar Watanymyzda jemgyýeti jebisleşdirmegiň, beden hem ruhy taýdan sagdyn ýaşlary terbiýelemegiň möhüm serişdesi hökmünde bedenterbiýe we sport üstünlikli ösdürilýär. Türgenlerimiziň halkara sport giňişliginde gazanýan ýeňişleri her birimiziň kalbymyzy joşdurýar. Hormatly Prezidentimiziň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary esasynda ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgesini has-da rowaçlandyrmak boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Ýakynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlyklyk etmeginde geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisinde hem bu ugurdaky möhüm wezipelere garalmagy degişli ulgamda netijeli çäreleriň dowam etdiriljekdigine şaýatlyk edýär.

Hormatly Arkadagymyzyň asylly başlangyçlarynyň netijesinde başy başlanan ylym, bilim, saglygy goraýyş, sport ulgamlarynyň gurluşyny, dolandyrylyşyny, kanunçylyk we maddy-enjamlaýyn binýadyny kämilleşdirmek, jemgyýetimiziň aň-bilim derejesini ýokarlandyrmak babatdaky nusgalyk işler bu gün döwlet Baştutanymyzyň tagallalary bilen üstünlikli dowam etdirilýär. Bu ugurda milli hem öňdebaryjy tejribeler, ylmyň, tehnologiýalaryň gazananlary ornaşdyrylyp, dünýä döwletleri, iri halkara guramalar bilen hyzmatdaşlyk ösdürilýär. Gahryman Arkadagymyzyň ýadawsyz tagallalary esasynda sportuň pajarlap ösýän ýurdy hökmünde Türkmenistanyň abraýy dünýä dolýar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Aşgabadyň «Arkalaşygyň täze sport mümkinçilikleriniň şäheri», Olimpiýa şäherçesiniň Tennis toplumynyň «Tennis boýunça Aziýa sebitiniň okuw-türgenleşik merkezi» diýlip yglan edilmegi halkara ýaryşlaryň, dünýä çempionatlarynyň ýokary derejede geçirilip, bedenterbiýäniň we sportuň belent ýörelgeleriniň dabaralanýandygyny tassyklaýar.

Döwranmyrat MYRADOW,
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň uly mugallymy.