Şükürim köpdür, miweli ömrüm!

4 Oktýabr 2024
694

Milletimiziň iň uly ruhy gymmatlyklaryny özünde jemleýän türkmençilik edebi barada söz açdygyňça, onuň ýollary uzap barýar. Sebäbi edep ruhy kämilligiň, ruhy gözelligiň ölçegi. Kämilligiň çägi ýok. Şonuň ýaly, gözellik hem çägi bilmeýär. Tebigat bilen ýüzbe-ýüz galanyňda, bu hakykata has içgin düşünýän ekeniň.

Men tebigaty gaty gowy görýärin. Ir säher bilen oýanyp, howlymyzda gögerip oturan bagdyr gülleri suwarmagy endik edinipdirin. Dogrusy, bu baglaryň hem gülleriň ählisini biz maşgala bolup ekipdik. Çagalarymyzdyr agtyjaklarymyzyň her biri öz eken bagynyň, gülleriniň düýbüni ilkinji günden başlap ýumşadyp, suwarýarlar. Daş-töwereginde ýekeje-de hapa-haşal ot galdyrman arçaýarlar.

Gülälek ORAZOWA,
Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Merkezi bejeriş-sagaldyş hassahanasynyň ýetginjekler lukmany.