“Turkish Airlines” awiakompaniýasy öňdebaryjy kontent düzüjileriň topary bilen strategik hyzmatdaşlyk etmek arkaly TKCONNECT ekoulgamyny giňeldýändigini yglan etmek bilen NDC (New Distribution Capability) ölçeglerine laýyk gelýän paýlaýyş maksatnamasyny ösdürmekde möhüm ädim ätdi. Bu hyzmatdaşlygyň çäklerinde awiakompaniýa “Travelfusion”, “Verteil”, “DRCT”, “Mystifly”, “Nuua”, “Nuflights” we “Theta” kompaniýalary bilen birleşdi. Munuň özi bronlamak işini gowulandyrmaga we müşderileri üpjün etmegiň hilini ýokarlandyrmaga gönükdirilendir. Bu barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi habar berdi.
Bu hyzmatdaşlyk arkaly “Turkish Airlines” hyzmatdaşlaryna öz giň ählumumy toruna we hyzmatlaryna elýeterliligi üpjün etmegi meýilleşdirýär. Innowasion gural boljak TKCONNECT meýdançasy syýahatçylyk agentlerine şahsy ugurlary işläp taýýarlamaga, özüne çekiji teklipleri hödürlemäge we bronlamak işini ýeňilleşdirmäge mümkinçilik berer. Netijede, bu müşderileriň kanagatlanmalaryny we ynamyny ýokarlandyrmaga getirer.