ÝAŞLAR YLYM DÜNÝÄSINDE Ýaş alym derýa gyrmançalarynyň çölleri özleşdirip bilijilik ukybyny ýüze çykardy

1 Sentýabr 2024
429

Merkezi Aziýanyň iň iri suw akabasy bolan Amyderýa özi bilen her ýyl ýüzlerçe tonna gyrmançany alyp gelýär. Bu gyrmançalar, birinjiden, derýa ýakasynda tokaý zolaklarynyň emele gelmegi üçin oňyn şertleri döredýän bolsa, ikinjiden, olar derýa ýakasyndaky çöl giňişliklerini özleşdirip, ekerançylyk ýerlerine öwürmekde uly ähmiýete eýedir. Munuň şeýledigini ýurdumyzda ilkinjileriň hatarynda Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň mugallymy Rasul Toýmyradow öz ylmy gözleglerinde subut etdi. Ol bu iş bilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi we Ylymlar akademiýasy tarapyndan ýaşlaryň arasynda yglan edilen bäsleşikde şu ýyl birinji ornuň eýesi boldy.

Rasul mugallym munuň üçin 2019-njy ýyldan bäri derýanyň ýakasynda ylmy gözleglerini alyp barýar. Ol şol gözlegler üçin Amyderýanyň hanasynyň iň giň ýerleriniň biri bolan Dänew etrabynyň çägini saýlap aldy. Bu çäkde derýanyň giňligi 5 kilometre çenli ýetýär.

Agageldi ITALMAZOW
«Arkadagly Ýaşlar».