Öý bikeleriniň ynamdar kömekçisi

5 Sentýabr 2024
94

2000-nji ýylyň başyndan bäri «Electrolux Trilobite», «Roomba», «Samsung NaviBot», «Xiaomi», «Okami» we şuňa meňzeş kompaniýalar tarapyndan öý işlerini ýeňilleşdirmek maksady bilen, tozan sorujy robotlar öndürilýär.

Tozan sorujy robotlar otaglary adam gatyşmazdan, awtomatiki usulda arassalamak üçin döredilen enjamdyr. Ol tigir hereketlendirijileri, nawigasiýa datçikleri we dolandyryş mikrokontroly bilen enjamlaşdyrylyp, garaşsyz hereket etmäge we öz-özüni ugrukdyrmaga ukyply.

Merjen ORAZOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.