Häzirki wagtda milli ykdysadyýeti yzygiderli döwrebaplaşdyrmagyň, onuň netijeliligini ýokarlandyrmagyň möhüm şerti hökmünde ähli pudaklara sanly ulgamyň ornaşdyrylmagy örän buýsandyryjydyr. Şonuň netijesinde her bir ulgamyň, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, kärhanalaryň öz web saýtlary döredildi. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň «maslahat.gov.tm» web saýty hem şeýle döwrebap çözgütleriň biridir.
«Maslahat.gov.tm» web saýty «Baş sahypa», «Habarlar», «Kanunlar» we «Arkadag» gazeti bölümlerinden ybarat. Onuň «Baş sahypa» bölümi «Baş sahypa», «Suratlar», «Halk Maslahaty hakynda» atly bölümçeleri öz içine alýar. Olarda bolsa degerli maglumatlar, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň ýokary hilli ajaýyp suratlary görkezilýär, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň wezipeleri, alyp barýan işleri we ähmiýeti dogrusynda habar berilýär.