«Toyota Motor» 925 müňe golaý ulag satdy

1 Sentýabr 2024
48

Ýaponiýanyň «Toyota Motor» awtokonserni ähli golçur kompaniýalaryny bilelikde hasaplanyňda Şu ýylyň iýul aýynda 924,9 müň awtoulag satdy. Bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwründäkiden 0,7 göterim ýokarydyr. Şol bir wagtyň özünde kompaniýa iýul aýynda ulaglaryň önümçiligini hem artdyryp, 923,6 müň sany ulag öndürdi.

Hasabat döwründe Ýaponiýanyň beýleki awtoulag kompaniýalarynyň satuwy hem ýokarlandy. Hususan-da, «Honda Motor» kompaniýasy geçen aýda 295 müň (25,5 göterim ösüş), «Mazda Motor» 105,3 müň (3,4 göterim ösüş) awtoulag satdy.

Sahypany taýýarlan: Mätgurban MÄTGURBANOW,
TDIM-iň Halkara gatnaşyklary institutynyň halkara žurnalistikasy fakultetiniň talyby, «Biznes reklama».