Gözlerimiziň röwşeni, ömrümiziň gelşigi

28 Awgust 2024
554

Çaga newrozy ýetginjeklik ýaşyndaky we ýetginjeklik ýaşyna ýetmedik çagalara mahsus. Onuň ýüze çykmagyna içki agzalaryň keselleri, çagalykda sezewar bolnan ruhy şikesler, pajygaly ýagdaýlar, ýakyn adamlaryň ýitirilmegi bilen baglanyşykly başdan geçirilen dartgynlylyk sebäp bolýar. Adatça, il arasynda «depressiýa» diýlip atlandyrylýan bu kesel ýaz, güýz pasyllarynda ýitileşýär. Nerw dartgynlylygyndan ejir çekýän çaga gaharjaň, gyzma, aglak bolýar. Onuň keýpi tiz-tizden üýtgäp durýar, ukusy bozulýar. Howa we ýaşaýyş şertleriniň üýtgemegi, çaganyň nätanyş adamlaryň gurşawyna düşmegi, gorkunç kinofilmlere tomaşa etmegi keseli ýitileşdirýär.

Täze ýaşaýyş-durmuş şertlerine uýgunlaşmak, täze endiklere we nätanyş adamlara öwrenişmek, ylaýta-da, 1-nji synp okuwçylaryna agyr düşýär. Şonuň üçin olarda newrozyň alamatlary has aýdyň ýüze çykýar, çaga mydama gaýgyly gezýär, ol aljyraňňy, synp işlerini ýerine ýetirmäge ýetişmezek bolýar, öýe berilýän ýumuşlara köp wagt sarp edýär, kitaby mekdep kadalaryna laýyklykda bellenen çaltlykda okamagy başarmaýar, özüniň her bir şowsuzlygyna gyýlyp, ýalňyzlykda hesret çekýär. Çaganyň özüni alyp barşy mugallymlarda nägilelik döredýär. Ol okuwa we köpçülik işlerine höwes etmeýär, haýsydyr bir işiň başlangyjyny goýmak boýunça teklip bilen çykyş etmeýär. Hiç zada gyzyklanma bildirmeýär. Onuň sapaga sebäpsiz gatnaşmaýan halatlary köp bolýar. Ýygy-ýygydan sowuklaýar, nerw ulgamynyň näsazlyklaryndan gözbaş alýan keseller bilen köp keselleýär. Şeýle ýagdaýlaryň öňüni almak üçin çagany mekdebe taýýarlamaly.

Maýagül GARAJAÝEWA,
Aşgabat şäherindäki 16-njy saglyk öýüniň maşgala şepagat uýasy.