«Türkmentelekom» EAK-nyň «Internet kafe» nokatlarynyň birnäçesi paýtagtymyzda halkymyza hyzmat edýär

27 Awgust 2024
103

Häzirki tehnologiýanyň ösen döwründe ilatymyz internet torunyň çäksiz hyzmatlaryndan peýdalanyp, özbaşdak maglumat ummanyna aralaşyp bilýär. Muňa garamazdan Internet kafeleri halk köpçüliginiň arasynda ähmiýetini we zerurlygyny saklap gelýär. Çünki, Internet kafeleri diňe bir maglumat ummany bolman, eýsem medeniýetli dynç almagyň bir görnüşi bolup halkymyza hyzmat edýär.

«Internet kafelerde» maglumat tehnologiýasynyň soňky gazananlary arkaly internet hyzmatlaryndan peýdalanmak bolýar. Okuw meýilnamalary, iş maksatnamalary üçin bellikler almagyň we maglumat toplamagyň amatlaşdyrylan merkezi bolup durýar. Esasan hem, talyp ýaşlara bilim ojaklaryndan daşary deň-duşlary bilen birlikde bilimini kämilleşdirmekleri we ylmy işlerini dowam etdirmekleri üçin mümkinçilik döredýär.