Sizi bular gyzyklandyrýarmy?

26 Awgust 2024
156

AÝNA NÄDIP ÝASALÝAR?

Her gün seredip saçymyzy daraýan, käte uzak wagtlap öňünden aýrylmaýan aýnamyz nädip ýasalýarka? Irki döwürlerde aýna ýok wagty adamlar öz keşbini görmek üçin dury suwa sereder ekenler. Soň-soňlar wulkanlaryň ereden daşy, ýagny gara obsidian daşyny ýylmap, aýna ýasapdyrlar. Elbetde, bu örän agyr bolupdyr. Şonuň üçin obsidian daşyndan uly aýnalary ýasamak mümkin bolmandyr. Häzirki döwrebap aýnalar bolsa 1835-nji ýylda nemes alymy Ýustus fon Libih tarapyndan oýlanyp tapylypdyr. Döwrebap aýnalar adaty penjirede ulanylýan aýnalaryň bir tarapyna alýumin ýa-da kümüş çaýylyp ýasalýar. Kümşüň gymmat metal bolanlygy üçin alýumin has köp ulanylýar. Ýörite enjamlaryň kömegi arkaly alýumin beýleki himiki garyndylar bilen garylyp, aýnanyň ýüzüne sepilýär we guradylýar. Sepilen bu gatlak zaýalanmaz ýaly, onuň üstünden goraýjy reňk sepilýär. Şeýlelikde, siziň söýgüli aýnaňyz taýýar bolýar!

Şageldi ÝABANOW,
«Nesil».