Be­je­riş­ha­na­da iş­ler ile­ri

17 Awgust 2024
719

Änew şä­he­ri­niň gö­zel kün­jek­le­ri­niň bi­rin­de we­te­ri­na­ri­ýa be­je­riş­ha­na­sy we öý haý­wan­la­ry sak­lan­ýan top­lum ýer­leş­ýär. Bu top­lum Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­zyň gat­naş­ma­gyn­da 2020-nji ýyl­da da­ba­ra­ly ýag­daý­da ulan­ma­ga ber­lip­di.

Ata-ba­ba­la­ry­myz te­bi­gat bi­len saz­la­şyk­da ýa­şa­ma­gyň, ony yzy­gi­der­li baý­laş­dyr­ma­gyň öz­bo­luş­ly ýol-ýö­rel­ge­le­ri­ni dö­re­dip­dir­ler. Asyr­lar­bo­ýy kä­mil­leş­di­ri­lip, daş­ky gur­şa­wy, şol sanda haýwanat dünýäsini goramaga gö­nük­di­ri­len ka­da­lar bu gün ýur­du­myz­da has-da ber­ki­dil­ýär. Mu­nuň şeý­le­di­gi Türk­me­nis­ta­nyň Oba ho­ja­lyk mi­nistr­li­gi­niň ýa­nyn­da­ky Döw­let we­te­ri­na­ri­ýa gul­lu­gy­nyň we­te­ri­na­ri­ýa be­je­riş­ha­na­sy­nyň alyp bar­ýan iş­le­rin­de-de aý­dyň ýü­ze çyk­ýar.

Aý­do ŞE­KE­ROW.
«Türk­me­nis­tan». Su­ra­ta dü­şü­ren aw­tor.