Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan «Erteki» hususy kärhanasy 2002-nji ýyldan bäri, ýurdumyzda doňdurmalary we dorag peýnirçelerini öndürmek bilen meşgullanyp, halkyň islegini kanagatlandyrmak ugrunda netijeli işleri durmuşa geçirýär.
Telekeçi Aşot Pogosýan tarapyndan esaslandyrylan kärhanada häzirki wagtda 35-den gowrak işgär zähmet çekip, olaryň köpüsi ýaşlardyr. Işe girizilen ilkinji ýyllarynda mümkinçilikleriň çäklidigi sebäpli, kärhanada öndürilýän önümleriň görnüşleri köp bolmandyr, has anyk aýtsak, 10 — 12 görnüş önüm çykýan eken. Häzirki wagtda bolsa, kärhana Hytaýyň, Italiýanyň, Belarusyň iň öňdebaryjy tehnologiýalary bilen enjamlaşdyrylyp, bu ýerde işler doly awtomatlaşdyrylan görnüşde alnyp barylýar. Bu bolsa önümleriň görnüşlerini köpeltmekde, hilini ýokarlandyrmakda oňaýly şertleri döredýär. Şuňa laýyklykda, indi hususy kärhanada 35-den gowrak görnüş doňdurma öndürilip, olary ýurdumyzyň dürli künjeklerindäki bazarlara we söwda nokatlaryna täzeligine dessin ýetirmek ugrunda netijeli işler alnyp barylýar.