61,7 million sany «PlayStation 5» satdy

11 Awgust 2024
116

«Sony» kompaniýasy «PlayStation 5» enjamy bazara çykaraly bäri, onuň 61,7 million sanysyny satdy. Hususan-da, soňky çärýekde ýapon kompaniýasy 2,4 million sany «PlayStation 5» oýun enjamyny ýerledi. Deňeşdirmek üçin, bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwründe 3,3 milliona deň bolupdy.

2024-nji ýylyň ikinji çärýegindäki peselişe garamazdan, «Sonynyň» oýun enjamlaryna we programmalaryna ýöriteleşen bölümi girdejisini 12 göterim artdyrdy. Bu girdejiniň esasy bölegi «PlayStation Network» we «PlayStation Plus» sanly hyzmatlarynyň satuwyndan gazanylypdyr.