“Bagym bar — barym bar”

27 Iýul 2024
559

Şu günler bazarlardaky hem-de söwda nokatlaryndaky gök önümleriňdir miweleriň bolçulygy gözüňi dokundyrýar. Ilatyň bereketli saçaklarynyň bezegi bolan, ekologik taýdan arassa, saglyga peýdaly şeýle önümleri öndürmekde yhlasly zähmet çekýänleriň biri-de 2016-njy ýylda Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň çäginde miweli nahallaryň on müňlerçe düýbüni oturdan telekeçi Ahmet Jumabaýewdir.

Telekeçiniň Bäherden etrabynyň Magtymguly we Ş.Batyrow adyndaky daýhan birleşikleriniň çäginden uzak möhletleýin esasda bölünip berlen ýerinde alma, armyt, şetdaly, behi ýaly miwelerden bol hasyl alynýar. Olar «Güneşli miwe» haryt nyşany bilen içerki bazarda ýerlenilýär.

(Ýörite habarçymyz).