Edep-terbiýe — ynsan bezegi

24 Iýul 2024
806

Adamyň ýaşamagy üçin jemgyýet, jemgyýetiň ýaşamagy üçin döwlet zerurdyr. Döwletiň ösüşi bolsa hünärine ökde, giň dünýägaraýyşly hünärmenlere, edep-terbiýeli şahsyýetlere bagly bolup durýar. Jelaleddin Rumy edebi ynsan bedenindäki ruha meňzedipdir. Edepli kişi jemgyýetiň bezegidir.

Edep-terbiýe ynsany janly-jandardan tapawutlandyrýan gymmatlykdyr. Halkymyz perzentleriniň edep-terbiýeli nesiller bolup ýetişmegini ähli zatdan ileri tutupdyr.

Akmaral ÝAGMUROWA,
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň talyby.